4 years
Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara Gatnaşyklary insitutynda brifing görnüşli duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy temasy Türkmenistanda ýaşlary telekeçilige çekmek baradaky alnyp barylýan döwlet syýasaty barada boldy.
Duşuşykda institutyň Halkara ykdysadyýet kafedrasynyň uly mugallymy Bazar Mesow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Naskuliýew we “Täç hil” hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Täçmyrat Gurdow çykyş etdi.
Brifingde Türkmenistanda telekeçiler üçin döredilýän mümkinçilikler, hususy telekeçileriň ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan mynasyp goşantlary bilen bir hatarda telekeçiniň jemgyýetdäki orny barada aýdylyp geçildi.
TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Naskuliýew telekeçilikde bilimiň we tejribäniň uly orny bardygyny, malyýe sowatlygynyň zerurdygyny, ediljek işleriň hökmany ýagdaýda meýilnama bilen ýerine ýetirmelidigini nygtady. Ýaşlary telekeçilige çekmek barada partiýanyň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Bularyň arasynda ýylyň dowamynda birnäçe gezek geçirilýän maýa goýum meýilnamalarynyň maslahatlaryny belläp bolar. Bu duşuşyklarda ýaşlar öz taýýarlan “biznes planlary” bilermenleriň we telekeçilerň öňünde çykyş edýärler, taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin maýa goýum barada maslahat alýarlar.
“Täç hil” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Täçmyrat Gurdow bolsa öz söz nobatynda Türkmenistanyň soňky ýyllarda senagatda ýeten sepgitleri barada gürrüň berdi. Şeýle-d“Täç hil” hususy kärhanasynyň brendleri, önümçilik we marketing prosesleri düşündirdi.
Häzirki wagtda bu kärhana polietilen torba, çygly süpürgiç, gap-gaç ýuwujy serişdeler, suwuk sabyn, antibakterial önümler (suwuk we gel görnüşde), parfumerýa önümleri öndürýär. Önümler içerki bazardan uly islegden peýdalanýar, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýär.
Duşuşykda institutyň talyp ýaşlary bilen myhmanlaryň arasynda sorag jogap alyşyldy.
Brifing duşuşygy DIM-iň Halkara Gatnaşyklary insitutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de TSTP-nyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan gurnaldy.
Merdan Ataýew
TSTP-nyň Aşgabat şäher geňeşiniň baş hünärmeni
News List
- Dec 2, 2021 “TÄÇ HIL” GAP-GAÇ ÝUWUJY SERIŞDELERINI 3 ESSE GÜÝÇLENDIRILEN FORMULADA TÄZEDEN BAZARA GOÝBERDI
- Jul 15, 2021 ÝTÖB “Täç Hil” kompaniýasyna $2,8 million karz serişdesini berýär
- Jul 15, 2021 “TÄÇ HIL” HUSUSY KÄRHANASY PROMO SATYŞLARYNY YGLAN ETDI
- Jun 2, 2021 «TÄÇ HIL» HOWA YS BERIJILERIŇ HEM-DE ATYR YSLY KÖPÜKLI SABYNLARYŇ ÖNÜMÇILIGINI ÝOLA GOÝDY
- May 31, 2021 “Aura” brendine isleg artýar
- May 31, 2021 “Täç hil” kompaniýasy howa ys berijileriniň önümçiligini ýola goýdy
- May 29, 2021 ERTIRKI SERGÄ TAÝÝARLYK GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR
- May 7, 2021 Täze tehnologiýalar-ýokary netijelere badalga
- Apr 14, 2021 «Täç hil» barada gysgaça reportaž
- Mar 29, 2021 Компания «Täç Hil» об участии в онлайн выставке «Cavex Expo»