3 years

2021-nji ýylyň 7-nji maýynda “Täç hil” hususy kärhanasynda işleri döwrüň talabyna görä, yzygiderli kämilleşdirmek hem-de täze tehnologoýalary giňden peýdalanmak boýunça düşündiriş-wagyz işlerini güýçlendirmek maksady bilen, “Täze tehnologiýalar-ýokary netijelere badalga” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirildi. 

    Bu duşuşykda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz tarapyndan telekeçilere bildirilen ynamy ödemek maksady bilen, öz önümçiliklerine innowasion tehnolagiýalary ornaşdyryp, öndürýän önümleriň görnüşlerini artdyryp, hilini ýokarlandyryp, azyk howpsuzlygynyň amala aşmagyna, bazarlarmyzda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegi, harytlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagyny gazanmaklyga öz goşantlaryny goşmak maksady bilen bäsleşige ukyply önümleri öndürip, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, senagatda, oba-hojalygynda, gurluşykda, söwdada we hyzmatlar ulgamynda üstünlikli iş alyp barýarlar we ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu günki gün işewürlerimiziň täzelikleri täze önümleri öndürip bäsdeşlige ukyplylygy döredip şeýlede ol önümler daşary ýurtdan gelýän önümleriň öwezini tutmagy biziň Halkymyzyň hasam begenjini artdyrýar. Bu da ýene bir ýola Hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin ýurdumyz üçin ilimiz üçin işewürlerimiz üçin işlemek üçin ähli şertleri döredilmeginiň subutnamasy bolup durýar diýip öz çykyşlarynda bellediler.

    Çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýtdylar  we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, arzuw etdiler!

TSTP

https://tstp.gov.tm/52/event-details#