3 years

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda TSTB-nyň 13 ýyllygyna bagyşlanan serginiň ahyrky gününde “Ýylyň öňdebaryjy işewüri” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Baýrak 13 ugur boýunça berildi:

  1. Ýylyň işewür senagatçysy
  2. Ýylyň işewür oba-hojalykçysy
  3. Ýylyň söwda we hyzmatlar pudagynyň öňdebaryjy işewüri
  4. Ýylyň işewür gurluşykçysy
  5. Ýylyň işewür zenany
  6. Ýylyň täze oba hojalyk önümini öndüriji işewüri
  7. Ýylyň täze senagat önümini öndüriji işewüri
  8. Ýylyň işewür çeper ussady
  9. Ýylyň işewür eksportçysy
  10. Ýylyň Aşgabat şäher we welaýatlar boýunça öňdebaryjy işewüri
  11. Innowasion tehnologiýalaryny we sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýylyň öňdebaryjy işewüri
  12. Ýylyň ekologiýa taýdan arassa önümini öndüriji işewüri
  13. TSTB-nyň baýry halypa işewüri
  14. Ýylyň işewür okuw mekdebi

Sylaglandyryş dabarasyna 170-den gowrak agza kärhanalaryň wekilleri gatnaşdy. 74 işewür baýrakly orunlar we hormat hatlary bilen sylaglandy.

Bäsleşik TSTB we TSTP tarapyndan gurnaldy.

Haknazar Haljanow
TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň agzasy

https://ashgabat.in/2021/03/25/yylyn-ondebaryjy-isewuri-bayraklarynyn-gowsurylys-dabarasy-boldy/