5 years
27.06.2019 senesinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda polietilen torbalary we çygly süpürgiçleri öndürýän kärhananyň gurlup ulanylmaga berilmegi, welaýatyň ýaşaýjylaryny begendirip, dabara baýram şatlygyna öwrüldi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde polietilen torbalary we çygly süpürgiçleri öndürýän “TÄÇ HIL” hususy kärhanasynyň açylyş dabarasy, ýerli ýaşaýjylary diýseň begendiren uzak wagtlap ýatda galjak ajaýyp waka boldy. Dabara ahal welaýatynyň häkimi Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow, welaýat we Ak bugdaý etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary hem-de jogapkär işgärleri, myhmanlar, senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň senagatçylary we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň wekilleri, hormatly ýaşulylar, ýaşlar hem-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Soňra myhmanlara kärhananyň önümçilik işleri dogrysynda söhbet açýan wideo görnüşler görkezildi. “TÄÇ HIL” hususy kärhanasynyň önümçilik kuwwaty polietilen torbalaryň bir gije gündiziň dowamynda 1.5 – 2 tonnasyny, çygly süpürgiçleriň 27-28 müň sanysyny, ýuwujy serişdeleriň bolsa ortaça 24-26 müň sanysyny öndürmeklige niýetlenendir. Kärhanada polietilen torbalaryň, şeýle-de çygly süpürgiçleriň önümçiliginden başga-da ýuwujy serişdeleri öndürmeklik hem giňden ýola goýulandyr. Bu ýerde ýuwujy serişdeleriň dürli görnüşleri öndürilip olar halkymyza elýeterli bahalardan ýetirilýär. Soňra dabara gelen myhmanlar polietilen torbalary we çygly süpürgiçleri öndürýän “TÄÇ HIL” hususy kärhanasynyň giň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Myhmanlar ajaýyp desganyň häzirkizaman iň kämil tehnologiki enjamlar bilen üpjün edilen önümlerine, önümleriň taýýarlanşyna syn etdiler. Kärhanada öndürilýän ýokary hilli önümler diňe bir daşary ýurtlardan getirilen önümleriň orunlaryny tutmak bilen çäklenmän, eýsem sarp edijiler tarapyndan ýokary isleg bildirilýän önümlerdir. “TÄÇ HIL” hususy kärhanasynda öndürilýän önümleriň Aşgabat şäherine, ýurdumyzyň welaýatlaryna we goňşy ýurtlara ugradylmagy önüm öndürýän işçi hünärmenleriň yhlaslarynyň we zähmetleriniň kemsiz ýerine düşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Kärhanada gelejekde-de ilat tarapyndan has köp isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşleriniň öndürilmekliginiň ýola goýulmagy hem göz öňünde tutulýar. Kärhananyň hyzmatlary bilen doly tanyşmak üçin www.tachil.com web sahypasyna salgylanyp bilersiňiz.
News List
- Dec 2, 2021 “TÄÇ HIL” GAP-GAÇ ÝUWUJY SERIŞDELERINI 3 ESSE GÜÝÇLENDIRILEN FORMULADA TÄZEDEN BAZARA GOÝBERDI
- Jul 15, 2021 ÝTÖB “Täç Hil” kompaniýasyna $2,8 million karz serişdesini berýär
- Jul 15, 2021 “TÄÇ HIL” HUSUSY KÄRHANASY PROMO SATYŞLARYNY YGLAN ETDI
- Jun 2, 2021 «TÄÇ HIL» HOWA YS BERIJILERIŇ HEM-DE ATYR YSLY KÖPÜKLI SABYNLARYŇ ÖNÜMÇILIGINI ÝOLA GOÝDY
- May 31, 2021 “Aura” brendine isleg artýar
- May 31, 2021 “Täç hil” kompaniýasy howa ys berijileriniň önümçiligini ýola goýdy
- May 29, 2021 ERTIRKI SERGÄ TAÝÝARLYK GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR
- May 7, 2021 Täze tehnologiýalar-ýokary netijelere badalga
- Apr 14, 2021 «Täç hil» barada gysgaça reportaž
- Mar 29, 2021 Компания «Täç Hil» об участии в онлайн выставке «Cavex Expo»