3 years

Ertir, 30-njy maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda  Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli guralýan Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisi we «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahaty, şeýle hem söwda toplumynyň sergisi öz işine başlaýar.

Serginiň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Söwda-senagat edarasy, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi çykyş edýärler. Serginiň maksady — dürli önümleriň we eksport harytlarynyň hasabyna ýurduň söwda toplumynyň gazananlaryny hödürlemek bolup durýar.

2 gün dowam edýän köpugurly sergi-ýarmarkasynda pudak we dolandyryş edaralarynyň, Dokma senagaty ministrliginiň, şeýle hem «Röwşen» aýakgap kärhanasynyň, «Markow» hojalyk jemgyýetiniň, «Nowruz haly», «Ussat inžener», «TÄÇ HIL», «Geljege miras» hususy kärhanalarynyň we başga-da birnäçe ýerli kompaniýalaryň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanşyp bilersiňiz.

https://br.com.tm/?p=7748