5 years

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän polietilen torbalary we çygly süpürgiçleri öndürýän “TÄÇ HIL” hususy kärhanasynyň açylyş dabarasy 27.06.2019 senesinde, kärhananyň taryhynda unudulmajak ajaýyp waka boldy. Dabara Ahal welaýatynyň we Ak bugdaý etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary hem-de jogapkär işgärleri, myhmanlar, senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň senagatçylary we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň wekilleri, hormatly ýaşulylar, ýaşlar hem-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Ýokary guramaçylykly, ýürekleri joşduryjy duýgulara beslenen dabarada medeniýet we sungat işgärleriň çykyşlary, olaryň ussatlarça ýerine ýetiren aýdym-sazlarydyr tanslary bagtyýar ilimiziň şan şöhraty, ady dünýä dolan mähriban ata – watanymyzyň, milli Liderimiziň amala aşyrýan giň möçberli sahabatly işlerine, telekeçiligi ösdürmek ugrunda edýän mynasyp tagallalaryna, bagtyýar döwrümize hoşallyk bildirmeklik bilen bagly boldy.

  “TÄÇ HIL” hususy kärhanasynyň önümçilik kuwwaty polietilen torbalaryň bir gije gündiziň dowamynda 1.5 – 2 tonnasyny, çygly süpürgiçleriň 27-28 müň sanysyny, ýuwujy serişdeleriň bolsa ortaça 24-26 müň sanysyny öndürmeklige niýetlenendir. Kärhanada polietilen torbalaryň, şeýle-de çygly süpürgiçleriň önümçiliginden başga-da ýuwujy serişdeleri öndürmeklik hem giňden ýola goýulandyr. Bu ýerde ýokary hilli  ýuwujy serişdeleriň dürli görnüşleri ýagny gap-gaç ýuwujy serişdeleriň häzirki wagtda 6 görnüşi,  suwuk sabynyň häzirki wagtda 5 görnüşi öndürilip, olar halkymyza elýeterli bahalardan ýetirilýär. Myhmanlar ajaýyp desganyň häzirkizaman iň kämil tehnologiki enjamlar bilen üpjün edilen önümlerine, önümleriň taýýarlanşyna syn etdiler. Kärhanada öndürilýän ýokary hilli önümler diňe bir daşary ýurtlardan getirilen önümleriň orunlaryny tutmak bilen çäklenmän, eýsem sarp edijiler tarapyndan ýokary isleg bildirilýän önümlerdir. “TÄÇ HIL” hususy kärhanasynda öndürilýän önümleriň Aşgabat şäherine, ýurdumyzyň welaýatlaryna we goňşy ýurtlara Eýrana, Gazagystana, Owganystana, Özbegistana ugradylmagy önüm öndürýän işçi hünärmenleriň yhlaslarynyň we zähmetleriniň kemsiz ýerine düşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Kärhanada gelejekde-de ilat tarapyndan has köp isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşleriniň öndürilmekliginiň ýola goýulmagy hem göz öňünde tutulýar. Kärhananyň hyzmatlary we ýerine ýetirýän işleri bilen doly tanyşmak üçin www.tachil.com web sahypasyna salgylanyp bilersiňiz.