6 years

Ýakynda «Watan habarlar gepleşiginde» «Täç hil» hususy kärhanasynyň işleri barada gysgaça maglumat berildi. Biz hem şu gün kärhananyň öndürýän önümleri barada giňişleýin maglumat almak üçin “Täç hile” bardyk. Bu ýerde bizi şol kärhananyň iş dolandyryjysy Eziz Gurdow garşy aldy. Söhbetdeşligimizde ol, ine, şulary gürrüň berdi:

         – “Täç hil” hususy kärhanasy näçinji ýylda açyldy we şol wagtda haýsy önümleri öndürýärdi?

– Kärhanamyz 2010-njy ýyldan bäri işleýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen doly üpjün edilen. Enjamlary Türkiýäniň “Tam AmbalaŽ” kärhanasyndan alnan. Täze açylan wagtlarynda bu ýerde polietilen paketi we bir sanly el süpürgiçler öndürilýärdi.

– Häzirki wagtda nähili özgerişler bar?

– Häzirki wagtda-da polietilen paketi öndürilýär. Ýöne önümçiligiň esasy aýratynlygy – 2016-njy ýyldan bäri köp sanly çygly süpürgiçleri gaby bilen öndürýäris.  Bu bolsa, halk köpçüliginiň kärhanamyzyň önümlerine islegleriniň ýokarlanmagyna getirdi.

– Önümçilik üçin nämä esaslanyp bu önümi saýlap aldyňyz?

– Bu önümi öndürmegimize bize halk köpçüligi itergi berdi. Sebäbi, ilkibaşda toý mekanlar üçin ýörite bir sanly el süpürgiçlerini öndürýärkäk, “Sizde köpsanly çygly süpürgiçler barmy? Kärhanaňyzda şol hem öndürilýärmi?” diýip birnäçe adam soraýardy. Şol harydyň halk arasynda geçginli boljakdygyny nazarda tutup, önümçiligimizi özgertdik.

– Çygly süpürgiçleriň düzümindäki maddalar saglyk üçin zyýansyzlandyrylanmy?

– Çygly süpürgijiň düzüminde: Arassalanan suw, setaril isononoaty, setilstearil efiri – 20, setearil A, gliserilstarat, gliserin, setilpalmetat, setilstearil efiri – 12, kakos ýagynyň amidopropilbetain ýagly kislotalary, benzil A, 2 brom – 2 – nitropropan – 1, 3 – diol, ýakymly ys, dinatry lauret sulfosuksionaty, pantenol, limon kislotasy, allantion bar. Bularyň ählisi barlaghanada barlagdan geçýär. Adam bedeni üçin zyýansyzlandyrylan.

– Öndürilen gününden soň näçe wagt möhlete ýaramly?

         – Açylman saklanylanda 2 ýyl möhleti bar. Eger-de kagyzy açyk galan ýagdaýynda, süpürgiçleriň çyglylygy 90 güne çenli täsirini saklaýar.

– Polietilen paketi öndürişiňiz barada aýdaýsaňyz.

– Biz polietilen paketi ýörite buýurmalar esasynda öndürýäris. Meselem, iri söwda merkezleriň, kärhanalaryň atlaryny isleglerine görä ýazyp, öndürýäris. Müşderi paketi buýuran gününden soň, ilkinji gezekde laýyk 10 günden taýyn edip berýäris. Sebäbi ilkinji gezek isleg bildirýän  paketiniň galyby ýasalýar, onuň bezeg işleri çyzylýar. Soňky gezeklerde taýýar ölçegler esasynda 2-3 günde taýynlaýarys.

– Umumy sowal: Siziň pikiriňizçe biznesiň açary nämede?

– Dogry we ýadawsyz işlemekde.

– Biznese aralaşmak isleýän ýaşlara nähili maslahatyňyz bar?

– Ilki bilen maksadyňy aýdyňlaşdyrmaly. Ondan soň işe ymykly girişmeli. Ýene bir aýratyn bellemeli zatlaryň biri: Önümçiligiň başdaky hilini soňuna çenli alyp gitmeli. Galan zatlaram, näme, ýaşlaryň özüne bagly.

– Eziz, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Telekeçiligiňizde rowaçlyklar arzuw edýäris!