3 years

Önüm­çi­li­gi­niň ge­ri­mi­ni we önüm­le­riň görnüş­le­ri­ni bar­ha art­dyr­ýan, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ha­ryt­la­ry bi­len müş­de­ri­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan kär­ha­na­la­ryň bi­ri-de, «Täç hil» hu­susy kär­ha­na­sy­dyr. Ol tä­ze­lik­de atyr­la­ryň önümçi­li­gi­ni ýo­la goý­dy. Bu barada “Rysgal” gazetinde bellenilip geçilýär.

Kärhanada er­kek­ler we ze­nan­lar üçin ni­ýet­le­nen, döw­re­bap be­zeg­li aý­na çüý­şe­le­re gap­la­nan atyr­la­ryň 20 gör­nü­şi ön­dü­ril­ýär. Gel­jek­de bu gör­nüş­le­ri has-da artdyr­mak, hal­ka hö­dür­le­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Atyr­lar taý­ýar­la­nan­da dün­ýä­de iň köp is­leg bil­di­ril­ýän hoş­boý ys­lar, şeý­le-de ýer­li etil spir­ti ula­nyl­ýar.

Ola­ryň hi­li­ne bar­lag­ha­na hü­när­men­le­ri do­wam­ly gö­zeg­çi­lik ed­ýär­ler. Tä­ze önüm­ler äh­li möw­süm­de ulan­ma­ga amat­ly­dyr. Önüm­le­riň tä­ze tap­gy­ry ýur­du­my­zyň söwda no­kat­la­ry­nyň, on­laýn söw­da­nyň üs­ti bi­len aly­jy­la­ra el­ýe­ter­li ba­ha­dan ýe­ti­ril­er.

De­giş­li hü­när­men­le­riň yh­las­ly göz­leg­le­ri, müş­de­ri­le­riň pi­kir­le­ri­ni öw­ren­mek esa­syn­da, gel­jek­de döw­re bap teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da önüm­le­riň tä­ze-tä­ze gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Hoşboý ysly atyr­la­ry­«Täç hi­liň» «Türkme­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da go­şa­la­nyp gel­ýän toý-baý­ram­la­ry­my­za my­nasyp sow­gadydyr.

https://turkmenistanhabar.com/yerli-karhanadan-hosboy-ysly-atyrlar/